Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň gepleşikleri geçirildi

MilliInfo
Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleriniň gepleşikleri geçirildi

Türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň öňüsyrasynda Pakistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler edarasynyň ýolbaşçysy senator Mohammad Ishak Daryň gepleşikleri guraldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna jikme-jik seretdiler. Diplomatlar söwda, maýa goýum we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit özara baglanyşygyny ösdürmäge, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berdiler.

Mundan başga-da, ministrler sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Mohammad Ishak Dar yzygiderli berkkidilýän parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda syýasaty-diplomatik usullaryň hem-de konstruktiw gepleşikleriň başga alternatiwasynyň ýokdugyny belledi.

Muňa jogap hökmünde Raşid Meredow Yslamabat şäheriniň sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek ugrundaky yzygiderli diplomatik tagallalaryna ýokary baha berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info