Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

MilliInfo

Antalýa şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýylyň dowamynda iki ýurtda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info