Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary: howa dialogyndan emeli aň diplomatiýasyna çenli

MilliInfo

16 Oktýabr, 2026

Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlary: howa dialogyndan emeli aň diplomatiýasyna çenli

15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Sammitiň geçirilýän ýeri — Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.

Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti öz işine başlady.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi we şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Soňra sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylaryna söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş edendigini tassyklan hormatly Prezidentimiz halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň dialogyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň hem barha artýandygyny, emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär.

«Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gyzyklanma bildirýän döwletleri hem-de halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýändigini hem-de onuň maksatlarydyr ýörelgelerini yzygiderli goldaýandygyny, synçy döwlet hökmünde ýurdumyzyň Aziýada köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri ilerletmäge mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, beýan eden teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýle hem sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredilip geçildi.

Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info