BMG-niň Global Ylalaşygy Merkezi Aziýa ulgamyny — bäş döwletde 140-dan gowrak kompaniýany birleşdirýän köpugurly ofisini işe girizdi. Ulgam işewürlikde durnukly usulyýetleri ornaşdyrmagy we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) laýyklygy tizleşdirmekde ähmiýetli bolar. Bu başlangyç kompaniýalar üçin korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek, aýdyňlygy ýokarlandyrmak, we etiki zähmet tejribelerine artýan islege jogap bermek üçin zerur gurallary, okuwlary hem-de dünýä derejesindäki baglanyşyklary üpjün eder.
Täze tor bilelikde öwreniş, sebitleýin dialog we serhetüsti işewürlik bileleşikleri arkaly özara ynanyşmagy pugtalandyrmagy maksat edinýär. Merkezi Aziýanyň ilatynyň 60 %-den gowragy 30 ýaşdan kiçi we ýaşlar ahlak, mümkinçilik we daşky gurşaw jogapkärçiligine esaslanýan ykdysady modeliň tarapdary.
BMG-niň Global Ylalaşygynyň Baş direktory we ýerine ýetiriji direktory Sanda Ojiambo Merkezi Aziýa sebitiniň Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasyndaky strategiki çatrykda bolup, çalt ykdysady we syýasy özgeriş döwrüne gadam basandygyny tassyklaýar.
«Bu ýerde Ýurtlaryň toruny döretmek bilen, biz dinamiki geçelgede ähmiýetli maýa goýumlar we durnukly ösüş üçin esas goýýarys, şeýle hem ýaşyl ösüşi, aç-açanlygy ýokarlandyrmak we sosial jebisligi güýçlendirmek üçin sebitiň hususy pudagynyň ulanylmadyk mümkinçiliklerini herekete getirýäris».
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi BMG-niň Global Ylalaşygynyň sebit ygtyýarlyklaryna we ýerli hereketlere ygrarlydygyny görkezýär.

