«Goal.com» internet saýty 2025-nji ýylyň iň ökde oýunçylaryny öz içine alýan «Dünýäniň iň gowy futbolçysy» atly täzelenen sanawyny hödürledi. Sanawdan çykarylanlar we täze goşulanlar futbol dünýäsinde uly seslenme döretdi.
Geçen ýylyň iň gowy 25-liginden çykarylanlaryň arasynda Kewin de Brýuýne («Mançester Siti»), Rahim Sterling («Çelsi») we Riýad Mahrez («Al-Ahli») bar. Täze goşulanlaryň arasynda bolsa Lamin Ýamal («Barselona»), Aşraf Hakimi («PSŽ»), Nunu Mendeş («PSŽ») ýaly ýyldyz oýunçylar bilen birlikde, Witinýa («PSŽ»), Kobbi Meýnu («Mançester Ýunaýted»), Florian Wirs («Baýer Lewerkýuzen») ýaly futbolçylaryň bardygy hemmeleriň ünsüni çekdi.
Dünýäniň iň gowy 25 futbolçysy:
Derwezeçiler:
Alisson Beker — «Liwerpul»
Tibo Kurtua — «Real Madrid»
Janluiji Donnarumma — «PSŽ»
Goragçylar:
Akessandro Bastoni — «Inter»
Dani Karwahal — «Real Madrid»
Ruben Diaş — «Mançester Siti»
Aşraf Hakimi — «PSŽ»
Markinos — «PSŽ»
Antonio Rýudiger — «Real Madrid»
Wirjil Wan Deýk — «Liwerpul»
Ýarymgoragçylar:
Jud Bellingem — «Real Madrid»
Ýozua Kimmih — «Bawariýa»
Jamal Musiala — «Bawariýa»
Pedri — «Barselona»
Rodri — «Mançester Siti»
Fabian Ruis — «PSŽ»
Bernardu Silwa — «Mançester Siti»
Witinýa — «PSŽ»
Hüjümçiler:
Erling Holann — «Mançester Siti»
Harri Keýn — «Bawariýa»
Hwiça Kwarasheliýa — «PSŽ»
Kilian Mbappe — «Real Madrid»
Mohamed Salah — «Liwerpul»
Winisius Junior — «Real Madrid»
Lamin Ýamal — «Barselona»