Golf boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek höwesjeňleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň (WAGC) finalyna gatnaşyp, toparlaýyn birinjilikde üçünji orny eýeledi. Bu üstünlik milli golfyň taryhynda şanly sahypa öwrüldi we türkmen türgenleriniň sport mümkinçilikleriniň ýokarydygyny tassyklady.
Dünýä birinjiliginiň finaly Malaýziýanyň Johor ştatynyň golf meýdançalarynyň bäşisinde geçirilip, oňa 67 ýurtdan 620 oýunçy gatnaşdy. Her milli ýygyndynyň düzüminde 0,5-den 25,4-e çenli gandikaply bäş türgen çykyş etdi. Bäş günüň dowamynda bäş raundy öz içine alan bäsleşik gatnaşyjylardan diňe bir tehniki ussatlygy däl, eýsem, fiziki çydamlylygy, ruhy durnuklylygy we ýokary derejedäki ünsi hem talap etdi.
Eýýäm birinji tapgyryň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy dördünji orny eýeledi. Soňky günlerde bolsa türkmen golfçulary ikinji basgançaga çenli ýokarlanyp, jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda üçünji orna geçdiler.
Jemleýji tapgyr erjelligiň we ussatlygyň hakyky synagyna öwrüldi. Çünki golfda hatda ujypsyzja ýalňyşlyk hem ahyrky netijä uly täsir edip bilýär. Şonuň üçin hem, ahyrky tapgyrda toparyň kapitany Gurban Işkabulow baý tejribesini we sowukganlylygyny görkezip, oýny «Par» netijesi bilen tamamlady. Bu bolsa iň ýakyn bäsdeşler bolan ABŞ-nyň, Taýlandyň we Indoneziýanyň toparlaryndan öňe saýlanmaga we artykmaçlygy saklap galmaga kömek etdi.
Netijede, dünýä çempionatynyň finalynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň we Hytaýyň toparlaryndan soňky ýeri — üçünji orny eýeledi.
Şahsy bäsleşikdäki gazanylan üstünlikler hem örän täsirli boldy: Gurban Işkabulow altyn, Gözel Ýusupowa kümüş medallara eýe çykdylar, şeýle hem Gözel ýörite ugurda baş baýraga mynasyp boldy. Şunlukda, milli ýygyndynyň dünýä birinjiliginiň finalyndaky ilkinji çykyşy birbada birnäçe möhüm halkara üstünlikler bilen taryha girdi.
Toparyň 70 ýaşly kapitany Gurban Işkabulowyň goşandyny aýratyn bellemek gerek. Ol dürli nesilleriň türgenlerini agzybir topara birleşdirmegi başardy, her tapgyr üçin taktikany işläp düzdi we tutuş ýaryşyň dowamynda gatnaşyjylara güýçlerini dogry paýlamaga kömek etdi. Dünýä çempionatynyň final tapgyryna gatnaşan Türkmenistanyň ilkinji wekili bolandygyny tassyklaýan ýörite WAGC şahadatnamasynyň gowşurylmagyny onuň uly üstünlikleriniň aýratyn ykrar edilmegi hasaplamak bolar.
Nobatdaky ajaýyp üstünlik türkmen golfunyň dünýäniň sport jemgyýetçiliginde ykrar edilmegine tarap ilkinji ädimi alamatlandyrýar we ýerli golfçularyň täze nesilleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Munuň Watanymyzda golf bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň netijesidigini bellemek gerek.
