Türkmen ýaşlarynyň sesi COP31-de: ÝUNISEF howanyň üýtgemegi baradaky şekillendiriş işleriniň bäsleşigini yglan etdi

MilliInfo

2 sagat öň

Türkmen ýaşlarynyň sesi COP31-de: ÝUNISEF howanyň üýtgemegi baradaky şekillendiriş işleriniň bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň ýaş suratkeşleri we illýustratorlary halkara derejesinde özlerini tanatmaga mümkinçilik aldylar. ÝUNISEF illýustrasiýalar bäsleşiginiň başlanandygyny yglan etdi. Onuň ýeňiji bolan işleri şekillendiriş hataryny doldurar we Birleşen Milletler Guramasynyň Sammiti (COP31) üçin taýýarlanyljak Türkmenistanyň ýaşlarynyň howa boýunça resmi Beýannamasyna giriziler.

Bu başlangyç ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň Ýer şaryny gorap saklamak baradaky çagyryşlaryny, ideýalaryny we garaýyşlaryny dünýä liderlerine ýetirmäge gönükdirilendir. Bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar we şahadatnamalar garaşýar, iň esasy bolsa olaryň döredijiligi halkara howa meýdançasynda ýurduň sesine öwrüler.

Bäsleşige Türkmenistanyň 12—35 ýaş aralygyndaky raýatlary we ýaşaýjylary çagyrylýar. Işlere iki ýaş derejesi boýunça baha berler:

  • 12–17 ýaş

  • 18–35 ýaş

Awtorlara aşakdaky dört ugruň birini saýlap, durnukly geljek baradaky öz garaýyşlaryny açyp görkezmek hödürlenýär:

  • «Biziň planetamyz» – suw serhetlerini, haýwanat dünýäsini, topragy goramak we energetikany ösdürmek.

  • «Biziň ideýalarymyz» – howa baradaky bilim, tehnologiýalar we ekologik innowasiýalar.

  • «Biziň adamlarymyz» – saglyk, medeni miras, köpdürlülik we sesleriň deňligi.

  • «Biziň geljegimiz» – howa maliýeleşdirmesi, kanunçylyk we parahatçylyk.

Gatnaşyjylar adaty çeperçilik usullaryny-da (nakgaşçylyk, grafika), sanly illýustrasiýany hem ulanyp bilerler.

Guramaçylar aýratyn nygtaýarlar: diňe original awtorlyk işleri kabul edilýär. Emeli aňyň (AI) ulanylmagy gadagandyr! — beýle usul bilen taýýarlanan suratlar bäsleşige goýberilmez.

Bäsleşik işlerini kabul etmek 2026-njy ýylyň 28-nji awgustyna çenli dowam eder. Bu Türkmenistanyň ýaş zehinleri üçin özlerini görkezmek, umumy geljege goşant goşmak we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ekologiýa meselelerine çekmek üçin uly mümkinçilikdir.

Işi bäsleşige nädip ibermeli?

Suratyň faýlyny taýýarlaň:

Formaty: JPEG ýa-da PNG.

Hili: ýokary durulyk (300 DPI-den pes bolmaly däl).

Haty dolduryň:

Kime: sahraakmyradova81@gmail.com we gulshatayydova@gmail.com

Hatyň mowzugy (Тема): «Illýustrasiýalar bäsleşigi»

Hatyň tekstinde aşakdakylary görkezmek hökmandyr:

Işiňiziň ady

Adyňyz we familiýaňyz

Doly ýaşyňyz

Okuw ýa-da iş ýeriňiz (Mysal üçin: Mary ş., 6-njy mekdep, 9-njy «A» synp)

Iň gowy işleriň awtorlary ÝUNISEF-den we taslamanyň hyzmatdaşlaryndan baýraklary alarlar. Ýokarda bellenilişi ýaly, ýeňijileriň suratlary awtorlygy hökman görkezilmek bilen, COP31 üçin Türkmenistanyň ýaşlarynyň howa boýunça resmi Beýannamasyna giriziler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info