Nusgawy şahyrlaryň sesleri Kiýewiň ýüreginde: Ukrainanyň paýtagtynda türkmen-ukrain şygryýet marafony geçirildi

MilliInfo

1 sagat öň

21-nji martda bellenen Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Ukrainadaky türkmen diasporasynyň we ilçihananyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Medeniýetleriň şahyrana dialogy» atly goşgy okamak marafony geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, şeýle hem ukrain edebiýatynyň görnükli wekilleri Taras Şewçenkonyň, Lesýa Ukrainkanyň we Wladimir Sosýuranyň eserleri ýaňlandy. Goşgularda ruhy gymmatlyklar we ynsanyň tebigat bilen arabaglanyşygy baradaky meselelere aýratyn orun berildi.

Marafonyň iň täsirli pursady Magtymguly Pyragynyň goşgusynyň ukrain dilindäki terjimesiniň akyldar şahyryň Kiýew şäherindäki ýadygärliginiň öňünde okalmagy boldy. Şygryýetdäki bedewiň we ýigidiň keşbi Türkmenistanda yglan edilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen özboluşly sazlaşygy döretdi. Bu çäre nusgawy şygryýetiň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary we dostlugy berkitmekdäki uly ornuny ýene bir ýola tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info