«Google» kompaniýasy OLED ekranly, saglyk ýagdaýyna giňişleýin gözegçilik edýän we akkumulýatory çalşylýan «Fitbit Edge» atly täze fitnes sagadyny tanyşdyrdy. Täze enjam türgenleşikleriň 50-den gowrak görnüşini yzarlamaga mümkinçilik berýär we hakyky wagtda görkezme berýän wizual maslahatlary hödürleýär. «Google» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, enjamyň içindäki GPS ulgamynyň takyklygy öňki nesiller bilen deňeşdirilende, 40 göterim ýokarlandyrylypdyr. Şeýle hem uky tapgyrlaryny kesgitlemegiň takyklygy 15 göterim ýokarlanypdyr. Täze enjam 27-nji oktýabrda satuwa çykarylar. Onuň bahasy 180 dollar bolar.
«Fitbit Edge» «Gemini» emeli aň tehnologiýasy esasynda işleýän «Google Health Coach» hyzmaty bilen utgaşykly işleýär. «Google Health Premium» abuna ýazgysy bolan ýagdaýynda bu hyzmat ulanyjynyň saglyk we fiziki işjeňlik baradaky maglumatlaryny seljerýär, şahsy türgenleşik meýilnamalaryny düzýär hem-de ulanyjynyň gündelik tertibine görä olary üýtgedýär.
Fitnes sagady saglyk görkezijilerindäki düýpli üýtgeşmeleri ýüze çykarmak üçin niýetlenen «Health Guardian» ulgamy bilen hem enjamlaşdyrylandyr. Ýürek urgusyny üznüksiz yzarlamak we EKG goşundysy ýürek ritminde ýüze çykyp biljek howply üýtgeşmeler barada duýduryş almaga mümkinçilik berýär.
Göwrümi 65 mAs bolan akkumulýator doly energiýa bilen bir hepdä çenli işlemäge ukyplydyr. Enjamyň akkumulýatoryny doly zarýadlamak üçin 90 minut gerek. Bäş minutlyk zarýad bermek bolsa bir günüň dowamynda ulanmaga ýeterlik energiýa bilen üpjün edýär. Gabarasy suwdan we tozandan IP68 derejesinde goralan, akkumulýatoryny bolsa çalşyp bolýar.
Fitnes sagady dört dürli reňkde öňünden sargyt etmek üçin elýeterlidir. Mundan başga-da, basketbol äheňinde bezelen «Stephen Curry Edition» atly ýörite görnüşi hem hödürlenýär. Onuň bahasy 220 dollardan başlanýar.
«Google» kompaniýasy enjamy satyn alan müşderilere «Health Premium» hyzmatyndan üç aýlap mugt peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
