«Google» tölegsiz emeli aňly repetitoryny tanyşdyrdy

MilliInfo

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda «Google interaktiw» emeli intellekt repetitory hökmünde hödürlenýän «Gemini Guided Learning» atly gurallarynyň işe girizilendigini habar berdi.

«Guided Learning» (Gollanma esasynda öwreniş) ulanyjynyň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda, düşündirişleri uýgunlaşdyryp, meseleleriň ädimme-ädim düşündirişine esaslanýan usulda işleýär. Bu prosesde grafikalary, suratlary, wideolary we testleri öz içine alýan wizuallaşdyrylan materiallar peýdalanylýar. Munuň netijesinde diňe bir sowallara jogap alman, eýsem, temanyň düşünje taýdan düýp esaslaryny has çuňňur öwrenmek mümkinçiligi döredilýär.

Täzelenmeler «Google-niň» jogaplaryna YouTube-den» wideolary, suratlary we diagrammalary awtomatiki goşmak mümkinçiliklerini hem öz içine alýar. Mysal üçin, fotosintez ýa-da öýjügiň gurluşy ýaly temalary öwreneniňde, «Gemini» degişli wizuallaşdyrylan elementleri goşup, materialyň has aňsat düşünilmegini üpjün edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo