Türkmen sportunyň buýsanjy: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa

MilliInfo

1 sagat öň

Türkmen sportunyň buýsanjy: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa

Watanymyzyň gözel tebigaty bilen meşhurlyk gazanan ajaýyp künjeginde önüp-ösen zehinli gyz nädip dünýä dzýudosynyň iň uly umytlarynyň birine öwrüldi?

Şu günki gün Maýsa Pardaýewanyň ady dzýudo boýunça iň iri halkara ýaryşlarda has ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Emma onuň uly ýeňişlere tarap uzaýan ýoly haýsydyr bir hormat münberlerinden başlamady.

Maýsa 2005-nji ýylyň 14-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Köýtendag şäherinde dünýä indi. Häzirki wagtda ol 21 ýaşynda we eýýäm 57 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň iň güýçli dzýudoçylarynyň hataryna girýär. Maýsanyň öz belleýşi ýaly, onuň bu derejä gelmegine goşant goşan ilkinji tälimçisi Jora Mätnazarow hem-de Gülbadam Babamuradowa — bu sportda Watana şan getiren ildeşimiz.

Maýsa eýýäm 18 ýaşynda Hançžouda geçirilen Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny götermek hormatyna mynasyp boldy. Şol ýaryşda bürünç medaly hem eýeledi.

Bu üstünlikleriň gözbaşynda bolsa ýyllarboýy dowam eden irginsiz türgenleşikler, berk düzgün-nyzam we her gün hatda öz-özüňden hem öňe geçmek ugrundaky ägirt uly isleg ýatyr.

Aziýanyň we Ýewropanyň ýetginjekleriniň arasyndaky ýaryşlarda gazanylan ýeňişler, abraýly «Antalya Grand Slam» ýaryşynyň baýragy, 2024-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy... Garaz, onuň her bir çykyşy uly ýeňişlere tarap täze bir ädim boldy.

2026-njy ýyl onuň üçin, hakykatdan hem, taryhy ýyl boldy. Maýsa ilki bilen «Ulaanbaatar Grand Slam» ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy, birnäçe günden soň bolsa Hytaýda geçirilen Gran-Pri Sindao ýaryşynyň altyn medalyny eýeledi. Bu ýeňiş diňe bir onuň sport ýoluna däl, eýsem, türkmen dzýudosynyň taryhyna hem möhüm waka hökmünde girdi. Şeýle hem, bu netijeler oňa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrundaky göreşde gymmatly reýting utuklaryny getirdi.

Maýsa Pardaýewanyň sport ýoly irginsiz zähmetiň we özüne bolan ynamyň, uly ýeňişleriň her biriniň kiçijik ädimlerden başlanýandygynyň görkezijisidir.

Hawa, diňe öz maksady ugrunda her gün irginsiz göreşip, bu ýolda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän adamlar arzuwlary hakykata öwürýärler. Hakyky çempionlar hut şeýle kemala gelýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info