Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlamak bilen, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» eposyndan taýýarlanan Göroglynyň döreýşi baradaky sahnalaşdyrylan täze sirk çykyşyny tomaşaçylara hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri çykyş edýärler.
Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler.
Giriş peteklerini Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «sirk.gov.tm» resmi web sahypasynda online tertibinde hem satyn alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95.
