Goşgy, hekaýa, düzme we surat çekmek: Çagalaryň döredijilik bäsleşigi geçirilýär

MilliInfo

15 sagat öň

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler, we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Çagalar parahatçylygyň wagyzçylary» atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşigiň esasy maksady ýaşajyk zehinleri ýüze çykarmakdan we olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden ybaratdyr. Geçiriljek bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärleriň arzasy, onuň ýanyna goşulýan resminamalary, bäsleşik üçin hödürleýän işleri 2025-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli hasaba alnar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin 0530 sms belgisine 440 koduny ýazyp ugradyň!

Guramaçylar gyzyklanma bildirýän ýaşlary bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo