«Türkmenhimiýa» döwlet konserni 154 göterim ösüş bilen senagat toplumynda öňdeligi elden bermeýär

MilliInfo

3 Maý, 2026

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni 154 göterim ösüş bilen senagat toplumynda öňdeligi elden bermeýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji maýda geçirilen mejlisinde hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B.Annamämmedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi.

Şeýlelikde, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça bu görkeziji 154 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 122,9 göterim amal edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmagyň, energetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy üns merkezinde saklamagyň, täze ýollary gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletde, ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info