Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň arasynda Bedewiň bady: güýç we gözellik» atly döwletara telewizion bäsleşigiň geçirilýändigini yglan etdi.
Bäsleşige telekompaniýalar bilen bir hatarda, ýaş çäklendirmesi bolmazdan, garaşsyz awtorlar hem gatnaşyp bilerler. Filmler islendik dilde bolup biler (rus ýa-da iňlis dillerinde subtitrler bilen üpjün edilen bolmalydyr).
Bäsleşige bedewleriň tohumlarynyň taryhyna, GDA halklarynyň medeniýetinde atyň tutýan ornuna we atçylyk sportuna bagyşlanyp, dowamlylygy 15 minutdan 30 minuta çenli bolan dokumental, dokumental-publisistik filmler hem-de telewizion oçerkler kabul edilýär.
Onuň düzgünnamasy bilen «Türkmenistan habarlar portaly» saýtynda tanşyp bilersiňiz.