Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy onlaýn sowal-jogap hyzmatyny işe girizdi

MilliInfo

Ýurdumyzda gümrük işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ykdysady işiň ösmegine ýardam berýän şertleri döretmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde telefon arkaly onlaýn sowal-jogap hyzmaty ýola goýuldy.

Bu hyzmatyň ýola goýulmagy bilen, daşary ykdysady ugruna, şol sanda daşary söwda işine gatnaşýan şahslaryň gümrük serhedinden geçýän ýa-da geçmegi meýilleşdirýän raýatlaryň gümrük işi babatdaky sowallaryna onlaýn görnüşde jogap berilmegine mümkinçilik döredilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bu onlaýn hyzmaty harytlar gümrük serhedinden geçirilende amala aşyrylýan gümrük amallary, şol sanda gümrük taýdan resmileşdirmek, tölenilýän gümrük tölegleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler barada döreýän sowallara jogap bermekden ybaratdyr.

Sowal-jogap hyzmaty arkaly Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulaglara bildirilýän talaplar, olaryň gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi üçin zerur bolan resminamalar, tölenilýän gümrük tölegleriniň görnüşleri we möçberleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info