Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşdy

MilliInfo

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda şu ýylyň noýabrynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan Ýaponiýada gurnaljak ýaşyl logistika boýunça okuw maslahaty barada gürrüň edildi.

Döwlet gullugynyň başlygy ýolbaşçylyk edýän gullugynyň alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berdi. Ol «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodunda gurluşygy alnyp barylýan iki sany gury ýük gämisiniň hereketlendirijileriniň Ýaponiýanyň «Yanmar» kompaniýasynyň önümi bolup durýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem Türkmenistanyň porty dolandyrmak, gämi gurluşygy we floty ösdürmek ugurlarda ýapon tarapy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Ilçi çykyşynyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň gämi gurluşygy babatda Koreýa Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belläp, bu ugurda Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hem zerur ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garalmagynyň ýerliklidigini nygtady.

Türkmen tarapy Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde kiçi önümçilik sehlerini döretmek hem-de ýapon önümleriniň önümçiligini ýola goýup, olary goňşy ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Ilçi bu ugurdaky teklibi degişli ýapon kompaniýalaryna ýetirmek we maslahatlary geçirmek boýunça işleriň alnyp baryljakdygyny tassyklady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo