Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendir.