Mekdep okuwçylarynyň ýazgy dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki şowhunly sirk çykyşlaryny size hödürleýär. Munuň özi okuwçylaryň wagtlaryny şatlykly geçirmekleri we dynç almaklary üçin möhüm maksatnama bolar.
Bu ýerde siz ertekiler dünýäsindäki ýaly täsinliklere şaýat bolarsyňyz. Ussat artistleriň, žanglýorlaryň, akrobatlaryň çykyşlary, ajaýyp tanslar, dürli haýwanlaryň täsirli hereketleri şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyň ajaýyp maksatnamasy tomaşa gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.
00:00 / 00:00
Çykyşlar 22-nji, 24-nji, 26-27-nji hem-de 29-njy martda sagat 12:00-da başlanýar.
Petekler üçin:
57-23-50;
8 64 43-22-22