Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary: strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary: strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Düýn — 16-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa bardy.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tbilisi şäheriniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ulag-logistika, kommunikasiýa we port infrastrukturasy ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurtlarymyzyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Rumyniýa ugry boýunça «Hazar deňzi — Gara deňiz» ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýandyklaryny aýtdy. Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.

Ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gruziýa bilen medeni, ylym-bilim we sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz şu saparyň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Mihail Kawelaşwilä minnetdarlyk bildirdi hem-de ony özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşykdan soňra, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info