Gözel Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde türkmen estrada ýyldyzlarynyň konsertleri geçiriler

MilliInfo

3 sagat öň

Gözel Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde türkmen estrada ýyldyzlarynyň konsertleri geçiriler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan watandaşlarymyza täsirli sowgat garaşýar. 1—20-nji awgust aralygynda gözelligi bilen göreni haýrana goýýan Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde geçiriljek konsert siziň dynç alşyňyzy has-da ýakymly täsirlere beslär. Bu ýerde ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlary çykyş ederler.

Konsertler her gün sagat 19:30-da başlanýar. Şirin mukamlaryň astynda Watanymyzyň gözel künjeginiň jana şypaly howasyndan lezzet alyp, medeniýetli dynç almak mümkinçiligini elden gidermäň!

Ajaýyp konsertlere giriş tölegsizdir. Şonuň üçin hem, guramaçylar gözel sebitde bolýan watandaşlarymyzy açyk asmanyň astynda ýaňlanjak owazlardan lezzet almaga çagyrýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info