ABŞ-daky grant we Ýaponiýadaky okuwlar üçin talyp hakly maksatnamalar — siziň üçin 5 mümkinçilik

MilliInfo

4 Sentýabr, 2025

Okuwyňyzyň has elýeterli we baý mazmunly bolmagyny gazanmak mümkinçiligini elden gidermäň! Grantlara we stipendiýalara gatnaşmak — bu siziň geljegiňize goýulýan maýa goýum. Ol täze mümkinçilikleriň we üstünlikleriň gapysyny açyp biler. Elýeterli mümkinçilikleri öwrenmäge şu gün başlaň we arzalaryňyz bilen ýüz tutuň!

ABŞ-da okamak üçin talyp haklary

«University of Chicago» talyplar üçin abraýly «Odyssey Scholarship» maksatnamasyny teklip edýär. Bu maksatnama diňe bir okuw töleglerini däl, eýsem, talyplaryň tölegli tejibeliklerini we goşmaça serişdeleri hem üpjün edýär.

Dedlaýn (Ýüz tutmak üçin soňky möhlet): 1-nji noýabr


«National Geographic Society 2025» granty

Bu maksatnama howanyň ekstremal ýagdaýlarynyň we tebigy betbagtçylyklaryň — ýeliň, ýangynlaryň, suw joşmalarynyň, gurakçylygyň we aşa yssynyň öňüni almak boýunça ylmy esasly çözgütleri gözleýän taslamalar üçin 50 müň dollara çenli maliýe goldawyny hödürleýär. Maksat — jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ekoulgamlary gorap saklamak.

Dedlaýn: 19-njy sentýabr


Ýaponiýadaky «Tokyo Global Partner 2026» talyp haky

«Tokyo Metropolitan University» «Tokyo Global Partner Scholarship Program» talyp hakly maksatnamasyny hödürleýär. Tokio uniwersitetiniň talyp haklary okuwyny magistraturada dowam etmek islegi bolup, ýokary üstünliklere eýe bolan ýaşlar üçin niýetlenendir. Maksatnama aýlyk talyp haklaryny, tölegsiz okuwlary hem-de halkara awiapeteklerini hödürleýär.

Dedlaýn: 10-njy oktýabr


«KAUST Global Fellowship Program 2026» – Saud Arabystany

Patyşa Abdalla adyndaky Ylymlar we tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan hödürlenýän talyp haky öňdebaryjy ylmy barlaglary ösdürmek we dünýä meseleleriniň çözgüdine goşant goşmak isleýän ýaş alymlar üçin niýetlenendir. Talyp haky halkara ylmy jemgyýet bilen hyzmatdaşlykda işlemek arkaly professional ösüşi şertlendirýär we 75 müň dollar möçberinde maliýe goldawyny hödürleýär.

Dedlaýn: 15-nji ýanwar


Daniýada okamak üçin talyp haklary

«Aarhus University» ýokary başarnyklary bolan talyplar üçin çäkli möçberde döwlet talyp haklaryny hödürleýär. Talyp haky okuw çykdajylaryny doly ýapýar we käbir ýagdaýlarda aýlyk kömek pullary tölenilýär.

Dedlaýn: 15-nji sentýabr

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo