15-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew 2027-nji ýylyň 19-njy marty — 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Green Ekspo — 2027» halkara bagbançylyk sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Bagt üçin geljegiň peýzažy» şygary astynda guraljak bu halkara sergä 80-e golaý ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlar bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2027-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek halkara bagbançylyk sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.