Jiu-jitsu boýunça türkmen ýygyndysy Afinyda geçen Balkan sebitleriniň açyk çempionatynda 40 medal gazandy

MilliInfo

17 Sentýabr, 2025

Golaýda ýurdumyzyň jiu-jitsu boýunça milli ýygyndysy Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen Balkan sebitleriniň açyk çempionatynda 40 medala mynasyp boldy.

Türgenlerimiz sportuň gadymy mekanyndan altyn we bürünç medallaryň her haýsyndan 14-si hem-de 12 sany kümüş medal bilen dolanyp geldiler. Ýeri gelende aýtsak, ýaryş ulularyň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirildi. Ulularyň arasyndaky ýaryşda 10 türgenimiz 22 medal gazanan bolsa, 21 ýaşa çenli jiu-jitsuçylaryň arasynda 11 türgenimiz 18 medala mynasyp boldy.

Şunda käbir türgenlerimiziň birnäçe medal gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ýolöten etrap sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Hurma Abdyýewa iki altyn, iki bürünç, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri Rähmet Taganow bir altyn we iki kümüş, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgeri Baýram Röwşenow bir kümüş, iki bürünç medala mynasyp boldular. Içeri işler ministrliginiň işgäri Jelilmuhammet Hojamyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gudrat Esenow, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgeri Begli Saparow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Aýnur Kullyýewa, Soltanmyrat Nuryýew, Yslam Öwezow, Daýanç Kulyýew, Eziz Ýollyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Parahat Rahmanow, Şyhberdi Rahmanow, Annagurt Amanmyradow, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň türgeni Yslam Rejebow dagy bolsa gazanylan üstünlige goşa medal bilen goşant goşdy.

Ýaryşa dünýäniň 21 döwletinden 1 müň 700-den gowrak türgeniň gatnaşandygyny göz öňünde tutsak, munuň özi örän ýokary netijedir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info