Meýlis Annaberdiýew Wengriýanyň Balatonlelle şäherinde geçirilen «5th Rigo Janos Memorial GM-B» atly abraýly halkara küşt ýaryşynda ynamly ýeňiş gazandy.
Bäsleşik tegelek ulgam boýunça geçirildi. Wagta gözegçilik: her oýunça 90 minut berlip, birinji göçümden başlap, her bir göçüm üçin 30 sekunt wagt goşuldy.
Ýaryş FIDE-niň halkara senenamasyna girizildi we onda halkara reýting hasaplanyldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan on sany derejeli küştçi gatnaşdy.
Dokuz tapgyryň jemleri boýunça Meýlis Annaberdiýew (FIDE reýtingi 2415) mümkin bolan 9 utukdan 6-syny toplap, jemleýji tertipde ynamly birinji orny eýeledi. Bu ýeňiş Wengriýadan, Belarusdan, Gresiýadan, Hindistandan we Polşadan gelen halkara ussatlaryndan we grossmeýsterlerinden ybarat bolan güýçli düzümiň arasynda gazanyldy.
Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen grossmeýsteri özüniň FIDE halkara reýtingini 12,1 ball ýokarlandyrdy. Bu görkeziji ýaryşyň öňdebaryjylarynyň arasynda iň ýokary reýting ýokarlanmasy boldy.
Ikinji orny 5,5 utuk bilen wengriýaly halkara ussat Agoston Ýuhas eýeledi. Üçünji orna bolsa 5,5 utuk toplan we goşmaça görkezijiler boýunça yza galan wengriýaly halkara ussat Bendeguz Bodrogi mynasyp boldy.
Meýlis Annaberdiýewiň Wengriýadaky halkara ýaryşda gazanan ýeňşi küşt boýunça türkmen mekdebiniň ýokary derejesiniň we Türkmenistanyň türgenleriniň halkara arenasynda şowly çykyşlary bilen Watana şan getirmegi başarýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
