Özbegistanly grossmeýster dünýäniň küşt täji ugrunda göreşer

MilliInfo

16 Aprel, 2026

Özbegistanly grossmeýster Jawohir Sindarow Kiprde dowam edýän Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) dalaşgärleriniň ýaryşynda wagtyndan öň ýeňşini baýram etmegi başardy.

Ýaryşyň jemleýji tapgyryndan öňki, ýagny 13-nji tapgyrda Sindarow küştüň gara mallarynda Niderlandlardan bolan Aniş Giri bilen deňme-deň oýnady. 20 ýaşly Sindarow jemi 9,5 utuk toplap, ýaryşdaky ýeňşini kepillendirdi. Giri bolsa 7,5 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.

Sindarow aslynda ýaryşyň esasy dalaşgärleriniň hatarynda saýlanmaýardy, emma ol eýýäm ilkinji iki tapgyrda 1,5 utuk toplamagy başardy. Soňra bolsa yzly-yzyna ýaryşyň esasy faworitleri hasaplanýan amerikaly Fabiano Karuanany, onuň watandaşy Hikaru Nakamurany we hytaýly Weý Ini ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýeňişler oňa beýleki bäsdeşlerinden ep-esli öňe saýlanmaga mümkinçilik berdi.

Sindarow — Karuanu

Dalaşgärleriň ýaryşynyň ýeňijisi dünýäniň häzirki çempiony, hindistanly Gukeş Dommaraju bilen dünýäniň küşt täji ugrunda güýç synanyşmaga hukuk gazandy.

Jawohir Sindarow 20 ýaşynda. Ol eýýäm 12 ýaşynda grossmeýster diýen belent derejäni almagy başarypdy. 2022-nji ýylda ol Özbegistanyň ýygyndysynyň Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýeňiş gazanmagyna ýardam etdi. Geçen ýylyň noýabr aýynda bolsa zehinli küştçi Dünýä kubogynyň eýesi boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info