Türkmen atşynas mugallymy GDA-nyň hormatly adyna we ýadygärlik nyşanlar toplumyna eýe boldy

MilliInfo

1 sagat öň

Milli wekiliýetiň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşikleriniň çäklerinde Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde türkmen ylmynyň we biliminiň halkara derejesindäki abraýy ýene-de bir gezek belentden dabaralandy. Şol ýerde Özbegistan we Germaniýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynda, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag merkezinde onlaýn tertibinde geçirilen «Ylym we innowasion bilim: Ählumumy ösüş strategiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat dünýäniň ylym wekillerini we öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Dürli pudaklara degişli ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň täzeçil usullaryna, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşyna we ylmyň iň soňky gazananlaryna bagyşlanan onlaýn forumda Türkmenistana wekilçilik eden Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow özüniň manyly çykyşy bilen hemmeleriň ünsüni çekmegi başardy.

Ylmy maslahatda Nowruzälem Gurdow milli gymmatlygymyz bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde we ýaş nesillere bu gadymy hünäriň inçe syrlaryny öwretmekde häzirki zaman pedagogikasy bilen asyrlar aşyp gelýän tejribeleri utgaşdyrmagyň kämil usulyýetini beýan etdi. Atçylyk akademiýasynda talyp ýaşlara berilýän bilimiň döwrebaplygy, seýisçilik sungatynyň ylmy esasda kämilleşdirilmegi baradaky çykyş Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň eminleri tarapyndan uly gyzyklanma we ýokary baha bilen garşylandy. Hünärine bolan çuňňur söýgüsi, ýaş nesli terbiýelemekde görkezen işjeňligi we ylym dünýäsine goşan goşandy nazara alnyp, türkmen mugallymy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň «Öz hünäriniň ussady» diýen hormatly adyna hem-de ýadygärlik nyşanlar toplumyna eýe boldy. Bu abraýly sylag diňe bir hünärmeniň zähmetine berlen baha däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde bilim ulgamynda we atçylyk sungatynda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info