Gurban Berdiýewi «Spartagyň» baş tälimçisi wezipesine bellemek teklip edildi

MilliInfo

10 Oktýabr, 2025

Russiýanyň milli ýygyndysynyň ozalky goragçysy Iwan Nowoselsew Deýan Stankowiçi wezipesinden boşadyp, «Spartak» futbol klubunyň täze baş tälimçisi wezipesine türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewi bellemegi teklip etdi.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Kazanyň «Rubin» topary bilen iki gezek Russiýanyň çempiony bolupdy. Häzirki wagtda ol Azerbaýjanyň «Turan» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinde işleýär. Bu topar onuň ýolbaşçylygynda 7 oýunda 15 utuk toplap, ýurduň çempionatynyň ýaryş tertibiniň başyny çekýär.

«Men nähili ýagdaý bolanda-da, Stankowiçi çalyşmalydygyny geçen ýyldan bäri aýdyp gelýärin. Emma diňe bir tälimçini aýryp, onuň ornuna tälimçileriň birini getirip goýmak hem bolmaz. Ilki bilen, bu mesele boýunça çynlakaý oýlanmaly we «Spartagyň» näme isleýändigine düşünmeli. Tälimçi haýsy ideologiýa laýyk saýlanylýar? Ine, şu sowallaryň hemmesine jogap tapylmaly» — diýip, Nowoselsew belledi.  

«Aslynda, hemmeler Çerçesowa garaşýardy, ýöne ol eýýäm «Ahmat» klubunda işe başlady. «Spartagyň» baş tälimçisi abraýly hünärmen bolmaly, şol bir wagtyň özünde hem, durnukly we parahat bolmaly. Çünki klubuň daşyndaky ýagdaýlar hemişe duýgularyň joşmagy, ara alyp maslahatlaşmalar, jedellerdir derňewler bilen utgaşýar. Tälimçi şol emosional ýagdaýlara boýun bolmaly däldir. Tersine — daşky täsirlerden belli bir derejede üzňe bolup, topar bilen içki işlere ünsi jemlemelidir» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

«Bir wagtlar Gurban Berdiýew «Spartagyň» baş tälimçisi bolup bilýärdi. Meniň pikirimçe, häzirki wagtda hem ony çagyryp, kluba ýolbaşçy edip bellemek örän dogry karar bolardy. Gurban Bekiýewiçiň tejribesi örän uly we ol gazanan üstünlikleri bilen ýokary netijelere ýetmegi başarýandygyny subut etdi. Ýeke-täk mesele — ähli jogapkärçiligi tälimçä bermekde. Ol munuň üçin doly ygtyýar almagy talap edýär, şol sanda transfer syýasaty boýunça hem. Häzirki wagtda ýolbaşçylaryň hiç biri şeýle ädime taýýar däl. Ine, ähli kynçylyk hem şunda» diýip, Nowoselsew «Матч ТВ» beren beýanatynda aýtdy.

Häzirki wagtda «Spartak» futbol kluby Deýan Stankowiçiň ýolbaşçylygynda Russiýanyň Premýer Ligasynda geçiren 11 oýnunda 18 utuk toplap, ýaryş tertibiniň 6-njy basgançagynda barýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo