Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

MilliInfo

Şu gün — 20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.










Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan Owganystan bilen özara hormat goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklaryň esasynda giň gerimli bilelikdäki taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Munuň özi goňşy ýurduň parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Şol gün Owganystana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.

Abdul Gani Baradar belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanda ýokary baha berilýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän doganlyk hem-de özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk däpleriniň esasynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen we owgan doganlyk halklarynyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanyň we Owganystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi sebitde üstaşyr ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle giň gerimli taslamalar ýurtlary birleşdirip, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsine öwrüler diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu taslamalaryň iki ýurduň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge giň şert döretjekdigine, doganlyk owgan halkynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş ýerleri bilen üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistan ýaly parahatçylyk söýüjilikli goňşusynyň bolmagynyň Owganystan üçin möhüm strategik ähmiýete eýedigini belledi hem-de owgan halkyna berýän yzygiderli goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Abdul Gani Baradar Türkmenistandan Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belläp, munuň üçin türkmen tarapyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen doganlyk Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça geljekde-de netijeli ösdürmek üçin bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigini aýdyp, Abdul Gani Baradara we doganlyk owgan halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär.


Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo