Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda alnyp barylýan işler, Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen mebeller, olaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berdiler. Şeýle hem bu ýerde Arkadag şäheriniň metjidiniň bezeg işlerine degişli serişdeler görkezildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşdiriljek mebelleriň, aşhana otaglarynyň enjamlarynyň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine zerur üns bermek babatda maslahatlaryny berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek serişdeleriň, şäheriň edara binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri, bezeg serişdeleri, «Polatly» binasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere degişli şekil taslamalary görkezildi. Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
D.Orazow häzirki döwürde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär. Lukmançylyk klasteriniň binalarynyň, täze seýilgähiň gurluşygy batly depginde dowam edýär.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, şol sanda beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi.
G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp dabaralandyrmak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada maglumat berdi. Ol şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadagymyza ýüzlendi.
Milli Liderimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň, ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany geçirmegi makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alyp barýan işlerinde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde degişli ýolbaşçylara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Soňra ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz Ahalteke atçylyk toplumynda behişdi bedewler bilen didarlaşdy we Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi. Munuň özi ynsanyň hem bedewiň birek-birek bilen baglanyşygynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.