31-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar we hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň şowly geçmegini arzuw etdiler.
B.Annamämmedow hem-de D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada hasabat berdiler. Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda «Ahalteke atlary» şaýolunyň ugrunda guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamyň Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň, çaga iýmitleriniň görnüşleri, Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bar.
Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş, önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine görä, aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Täze şäheriň girelgesiniň bezeg işlerinde Arkadag şäherine mahsus bezeg serişdeleriniň, degişli şekilleriň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar. Şunda degişli düzümler tarapyndan bilelikde tagalla edilmelidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, şol bir wagtyň özünde bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna, ekologik ýagdaýyna ähmiýet berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen tanyşlygy tamamlap, binanyň daşyna çykdy we bu ýerde dürli maksatly binalaryň üçekleriniň örtüginde ulanylýan, häzirki döwürde önümçiligi ýola goýlan üçekleriň görnüşlerini synlady. Bu ýerde olaryň dürli görnüşleri, reňk aýratynlyklary görkezildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda täze şäherde gurulýan binalaryň üçekleriniň örtükleriniň reňkiniň her bir desganyň ähmiýetine laýyklykda seçilip alynmalydygyny belläp, olaryň milli binagärlik ýörelgelerine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ulanylmalydygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, üçekleriň reňklerine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Umuman, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagy, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, dürli maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça kesgitlenen wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.