Ertir Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçiriler

MilliInfo

9 sagat öň

turkmenmetbugat.gov.tm

14-nji noýabrda — anna güni ajaýyp şygyrlary bilen halkymyzda ýüreginde ebedi orun alan türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Güýzüň waspçysy, parahatçylygyň şahyry Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti — türkmen pelsepesiniň kämilligi» atly aýdym-sazly dabara geçiriler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de «Edebiýat we sungat» gazeti tarapyndan guralýan dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçer. Ajaýyp çäräni aýdym-sazlar, edebi-çeper çykyşlar hem-de şahyryň ömri we döredijiligi hakyndaky söhbetlerdir wideoýazgylar bezär.

Poeziýanyň muşdaklary Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine bagyşlanjak ajaýyp dabara çagyrylýar.

Dabara 15:00-da başlanýar.

Giriş tölegsizdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo