Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, raýatlara we ýolagçylara has amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýollaryň durky täzelenip döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hem-de Arkadag şäheriniň häkimligi durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir kör şaýolunyň degişli bölekleriniň we olaryň birigýän ýerinde gurlan täze köpzolakly köpriniň 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda açylyp ulanmaga berilýändigini mälim edýär.
Mundan başga-da, 1-nji awgustdan «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlaryň çäklendirilýändigi habar berilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 29-njy iýuldaky sanynda habar berildi.
Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder.
