Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar. Olarda iň gowy arzuwlar beýan edilýär:
Täze — 2026-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! 2025-nji ýyl belarus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge itergi beren wakalara baý boldy.
Täze ýylda belarus we türkmen halklarynyň bähbidine döwletlerimiziň arasyndaky netijeli, özara bähbitli dialogyň pugtalandyryljakdygyna, bu ugurda bilelikdäki tagallalarymyzyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine umyt edýärin.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, ähli türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Täze ýylyňyz bilen!
Waagn Haçaturýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Min Aun Hlaýng,
Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji.
***
Ýetip gelýän baýramyňyz gutly bolsun!
Edgar Rinkewiç,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti.
***
Siziň Alyhezretiňize bagtly Täze ýyl baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Goý, täze — 2026-njy ýyl ýurtlarymyz üçin has parahat, durnukly we howpsuz geljegi gurmagyň bähbidine dialoga hem-de özara düşünişmäge esaslanýan bilelikdäki tagallalarymyza, netijeli hyzmatdaşlygymyza beslensin! Geljek ýylda dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň we ýakyndan hyzmatdaşlygymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin.
Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we dünýäniň ähli halklary üçin ösüş, abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Çuňňur hormatymy we hoşallygymy beýan edýärin.
Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.
***
Ýetip gelýän baýramyňyz gutly bolsun!
Tamaş Şuýok,
Wengriýanyň Prezidenti.
