Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkyna iň gowy arzuwlar beýan edilýär.
Gutlag hatlaryny ýollanlaryň arasynda:
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum,
Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow,
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim,
Kambojanyň Premýer-ministri Hun Manet,
Nepalyň Premýer-ministri Suşila Karki,
Çehiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Petr Fiala,
Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Turki bin Mohammed bin Fahad bin Abdul-Aziz,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan,
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew,
Türki Döwletleriniň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew,
Rim Papasy Leo XIV bar.
