Şu gün 69 ýaşyny doldurýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin öz Gutlagynda: «Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin. Siziň bilen dostlugymyza ýokary baha berýärin hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn» diýip belleýär.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň dostlukly halklarymyzyň we Merkezi Aziýa, Hazar deňzi sebitlerinde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýandygyny tassyklaýar we Milli Liderimize iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol PAŞINÝAN, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani gutlady.
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň, Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazadeniň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiniň, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Migel Anhel Moratinosyň gutlaglarynda hem Gahryman Arkadagymyzyň adyna iň gowy arzuwlar beýan edilýär.
