Güýzki dynç alyş möwsümini netijeli geçiriň: täsirli sirk tomaşalary okuwçylara garaşýar

MilliInfo

22 Oktýabr, 2026

Güýzki dynç alyş möwsümini netijeli geçiriň: täsirli sirk tomaşalary okuwçylara garaşýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki güýzki dynç alyş möwsüminde täsirli çykyşlaryny hödürleýär. Bu barada Döwlet sirkiniň resmi saýtynda habar berildi.

Bu ýerde ýokary derejede tälim berlen dünýäniň täsin jandarlarynyň, masgarabazlaryň, žanglýorlaryň, akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň we dürli-dürli sirk artistleriniň, esasan hem, türkmen milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň ýatdan çykmajak çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

Petekleri satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 36-10-95; 39-80-45; 36-10-34.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info