Gwangjuda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy

MilliInfo

2 sagat öň

turkmenistaninfo.gov.tm
Gwangjuda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri açyldy

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp, 16-njy sentýabrda Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Medeniýet günleriniň geçirilmegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy milli däp-dessurlaryň, özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň binýadynda has-da berkitmäge ýardam berýär.

Gwangju şäherindäki Aziýa medeniýeti milli merkezinde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň, ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki köp sanly adamlar gatnaşdylar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga uly ähmiýet berýär. Halkara derejeli festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň, konsertleriň guralmagy ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer dialogyň ösdürilmegine itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmek babatda resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýeti milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Günüň ikinji ýarymynda Aziýa medeniýeti milli merkezinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Açylyş dabarasy milli amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolan sergi bilen utgaşdy. Onda muzeý gymmatlyklaryna, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserlerine, milli lybaslara orun berildi.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň dünýä ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýändigini bellediler. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Bilelikdäki medeni çäreleri guramak bilen, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ilerledýär hem-de umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine deňhukukly, köpugurly hyzmatdaşlyga açykdygyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar konserte gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Aýdymçylaryň, sazandalaryň, tans toparlarynyň millilik bilen utgaşýan çykyşlary konsertiň baý many-mazmuna eýe bolmagyny şertlendirdi. Türkmen estrada ýyldyzlarynyň dürli dillerde aýdymlary ýerine ýetirmekleri dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Gadymy hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Bitewi döredijilik sazlaşygyny özünde jemlän çykyşlar zehinli artistleri mähirli garşylan koreýaly tomaşaçylar üçin hakyky sowgada öwrüldi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info