14-nji oktýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň «D» toparçasynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň nobatdaky duşuşygy geçiriler.
«D» toparçanyň dördünji tapgyrynyň çägindäki oýun ertir Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda guralar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.
Şu gün bolsa ýygyndy toparlaryň tälimçileridir, oýunçylary bilen metbugat ýygnanyşygy geçirilýär.
Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparynyň resmi wekilleri bilen geçiriljek metbugat ýygnanyşygy 11:30-da, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň resmi wekilleri bilen guraljak metbugat ýygnanyşygy bolsa 11:45-de başlanýar. Metbugat ýygnanyşyklarynyň ikisi hem «Arçabil» myhmanhanasynyň konferens zalynda guralar.
Häzirki wagtda türkmen ýygyndysynyň 6 utuk bilen toparçasynda birinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

