Şu agşam — 19-njy marta geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasyny çärýek finalynda çykyş etjek klublaryň ýene dördüsi kesgitlener. Türkiýäniň «Galatasaraýy» meşhur «Liwerpulyň» garşysyna çykar. Birinji duşuşygyň türk toparynyň peýdasyna tamamlanandygy (1:0) bu oýna gyzyklanmany has-da artdyrýar. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan duşuşyklaryň ýene biri bolsa «Atletiko Madrid» bilen «Tottenhemiň» oýny bolar.
UEFA Çempionlar ligasynyň şu günki duşuşyklary (Aşgabat wagty bilen):
01:00. «Liwerpul» – «Galatasaraý»
01:00. «Bawariýa» – «Atalanta»
01:00. «Tottenhem» – «Atletiko Madrid»
22:45. «Barselona» – «Nýukasl»
Ýeri gelende bellesek, birinji duşuşykda myhmançylykda «Atalantany» 6:1 hasabynda ýeňen «Bawariýa» eýýäm özi üçin çärýek finaly kepillendirdi diýen ýaly. «Atletiko» «Tottenhemi» 5:2 hasabynda ýeňse, «Barselona» – «Nýukasl» jübütiniň duşuşygy deňlikde jemlenipdi — 1:1.
Bu duşuşyklary haýsy teleýaýlymlar arkaly göni efirde görüp bileris? «Türkmenistan. Sport» teleýaýlymynyň duşuşyklaryň ikisini görkezmegine garaşylýar. «Варзиш sport HD» bolsa «Barselona» – «Nýukasl» we «Tottenhem» – «Atletiko Madrid» jübütleriniň duşuşygyny hödürlär. Mundan başga-da, «TRT» teleýaýlymy «Liwerpul» – «Galatasaraý» duşuşygyny berer.