1181-nji ýyl. Hytaý we ýapon astronomlary supernowa (täze gaty uly ýyldyz) partlamasyny hasaba alýarlar.
1889-njy ýyl. Boksçularyň elliksiz ýagdaýdaky iň soňky söweşi geçirildi.
1889-njy ýyl. Londonda dünýäde her otagynda wannasy bolan ilkinji myhmanhana — «Sawoý» (Savoy) oteli açyldy.
1926-njy ýyl. 19 ýaşly Gertruda Ederle (Gertrude Ederle) La-Manş bogazyny ýüzüp geçen ilkinji zenan boldy. Ol 56 km aralygy 14 sagat 31 minutda geçip, erkekleriň öňki görkezijisini 1 sagat 59 minut gowulandyrmagy başardy.
1935-nji ýyl. Paraşýut sporty boýunça ilkinji bütin bileleşik ýaryşlarynyň açylyşy boldy.
1986-njy ýyl. Timoti Dalton 007 belgili gizlin agent baradaky nobatdaky — on bäşinji filmde hem Jeýms Bondyň keşbini janlandyrmak üçin saýlanyp alyndy.
1991-nji ýyl. «CERN-de» «NeXT» kompýuterinde dünýäde ilkinji «HTML-iň» esasy toplumy bolan web-sahypa döredildi.
