8-nji ýanwar: Gyzykly maglumatlar

MilliInfo

8 Ýanwar, 2026

1297-nji ýyl. Monako Genuýadan garaşsyzlygyny aldy.

1851-nji ýyl. Fransuz fizigi Žan Bernar Leon Fuko Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanýandygyny subut etdi.

1861-nji ýyl. Rus imperiýasynda «Вокруг света» žurnalynyň ilkinji sany neşir edildi.

1912-nji ýyl. Afrikanyň milli kongresi esaslandyryldy.

1937-nji ýyl. Yspyhan şäheriniň golaýyndaky Nejefabat obasynda Eýranyň meşhur kyssaçysy Bahram Sadegy doguldy. «Garym we boş mytaralar» atly hekaýalar ýygyndysy, «Melekut» atly powesti hem-de beýleki eserleri ony Eýranyň meşhur kyssaçylarynyň hataryna goşdy. Bahram Sadegy aýratyn hem gysga hekaýalaryň ussady hasaplanýar.

2004-nji ýyl. Öz döwründe iň uly ýolagçy gämisi bolan «Queen Mary 2» deňiz laýneri suwa goýberildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info