Türkmenistan haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna iberer

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 21-nji maýy — 11-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin ýörite uçar gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.

Bu resminama Watanymyzda döwlet tarapyndan ynsanperwerlik ýörelgelerine berilýän ähmiýetiň beýany bolup dabaralandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info