Ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere seredildi

MilliInfo

Düýn — 1-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda maglumatlary berdiler. Mundan başga-da, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça zerur çäreler hakynda bellediler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki çäreler, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary abatlamak işleri geçirilýär. Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak, bu möwsümi öz wagtynda geçirmek ugrunda zerur işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän esasy pudak hökmünde oba hojalygynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyk alyp barmagy, haşal otlara garşy işleri wagtynda geçirmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini talabalaýyk ýola goýmagy we bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin zerur işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, welaýatlarda täze ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamak, şüdügär sürüminiň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilişine berk gözegçilik etmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işleri geçirmek, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny talabalaýyk taýýarlamak üçin häzirden zerur işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişine gözegçilik etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmek, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak, bazarlary we dükanlary dürli harytlar bilen bolelin üpjün etmek üçin häzirden zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo