Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

MilliInfo

21 Awgust, 2025

Düýn — 20-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz şu günki mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de ony guramaçylykly geçirmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler, Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli dürli ugurlarda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, il içinde uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglaryna, hormatly atlara hödürlemek boýunça işleri alyp barmak bilen bagly dürli soraglardan ybaratdygyny belledi.

Mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edildi.

Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan syýasaty milli kanunçylykda berkitmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli işleri durmuşa geçirmelidigini aýtdy. Geçirilýän işleriň çäginde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlanylsa, maksadalaýyk bolar.

Milli Liderimiz maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky hem-de geljek üçin giň mümkinçilikleri açýan maglumatlary, şol maglumatlar esasynda taýýarlanan teklipleri gysga wagtda işläp düzüp, olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermegi tabşyrdy.

Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alyp barmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak, wagyz etmek boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen alnyp barylýan işleri dowam etdirmelidir. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara hormatly atlary dakmak boýunça alyp barýan işlerimizi hem guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Mynasyp adamlary hödürlemek we bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri talabalaýyk alyp barmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatlaryny diňledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlaryndaky etraplardyr obalaryň ýaşaýjylaryndan gelip gowşan haýyşnamalar esasynda täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy we olary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürledi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berildi. Ol Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, guramaçylyk topary bilen bilelikde işleri utgaşykly ýola goýup, degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini, onuň resminama-hukuk, syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk usuly we üpjünçilik meselelerine degişli işleriň guramaçylykly alnyp baryljakdygyny nygtady. Şeýle-de ol Milli Liderimiziň şu günki mejlisde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin guramaçylyk topary we welaýat häkimlikleri, beýleki degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi.

Biz geljekde hem dürli ugurlardaky özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin agzalan ugurlar boýunça täze teklipleriň üstünde işlemelidiris. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de ony guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Kararlara laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisi çagyrylýar, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlenilýär. Şeýle hem mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanylýar.

«Şeýlelikde, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berýäris» diýip, Milli Liderimiz aýtdy we mejlise gatnaşyjylaryň her biriniň bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni üstünlikli geçirmäge mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri geçirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň, halkara maslahatyň maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Bu ýerde hasabat bilen çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça şäher düzümine degişli gulluklar tarapyndan ähli zerur çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň we wekilçilikli forumyň taryhy ähmiýetini belledi. Hormatly Arkadagymyz baýramçylyk çäreleri mynasybetli paýtagtymyzda bezeg işlerini talabalaýyk geçirmek hem-de dabaralara ykjam taýýarlyk görmek babatda gymmatly maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly, Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo