3 — 8-nji maý aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Saloniki şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen 43-nji Halkara Balkan matematika olimpiadasynda hem türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdiler.
Olimpiada dünýäniň 24 döwletinden 148, şol sanda ýurdumyzdan 6 okuwçy gatnaşdy. Olar matematika dersi boýunça dünýäniň iň zehinli ýaşlaryny bir ýere jemlän bäsleşikde matematiki amallary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, takyk ylym boýunça geçirilen halkara bäsleşikde ýurdumyza wekilçilik eden okuwçylar 1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç, jemi 5 medala mynasyp bolmagy başardylar. Has takygy, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow altyn medala mynasyp bolsa, paýtagtymyzdaky matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Söýünmuhammet Geldimämmedow kümüş, şol mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, 10-njy synp okuwçysy Ýunus Orazow, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow dagy bürünç medallary gazandylar.
Bu netije hemmetaraplaýyn bilimli, intellektual we ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek ugrundaky toplumlaýyn işleriň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem netijeli dowam etdirilýändigini ýene bir gezek tassyklaýar.