9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «reporter» derejesi boýunça «Times Higher Education World University Rankings 2026» reýtingine girdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Munuň özi institutyň ýokary bilim boýunça halkara baha bermek ülňülerine laýyk bolmak ugrundaky tagallalaryny görkezýär, şeýle hem onuň akademiki ösüşe we dünýä derejesindäki bilim hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar.
«Times Higher Education World University Rankings» reýtingi dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň netijeliligini görkezýän esasy görkezijileriň biri hasaplanýar. Ol ýokary okuw mekdepleriň okatmak, ylmy barlaglary geçirmek, bilimleri wagyz etmek we halkara hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky işjeňligini seljerýär.
Institut öňdebaryjy halkara tejribeler esasynda, ylmy kuwwatyny we akademiki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak boýunça netijeli işini dowam etdirýär.

