Paýtagtymyzda IV halkara himiýa olimpiadasy jemlendi

MilliInfo

19 Oktýabr, 2025

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen IV halkara olimpiada jemlendi. Şeýle hem bu olimpiada bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadada üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezen talyplar medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy. Halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşan professor-mugallymlara bolsa şahadatnamalardyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Halkara olimpiada ýurdumyzyň we Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň, Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 260-a golaýy gatnaşdy. Zehinli ýaşlara dünýäde himiýa boýunça ylym-bilim edaralary tarapyndan gazanylan öňdebaryjy tejribeleri öwretmek we usulyýet esaslaryny ornaşdyrmak, ýaşlaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen guralan olimpiada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirildi. A derejede himiýa hünäri boýunça bilim alýan talyplar ýazmaça görnüşde, B derejede bolsa beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar test görnüşinde özara bäsleşdiler. Meseleler ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyna laýyklykda, organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy.

Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşikde A derejede baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Şeýle hem B dereje boýunça baýrakly orunlaryň 57-si kesgitlenip, onda ýaşlaryň 12-si birinji, 17-si ikinji, 28-si bolsa üçünji orny eýelediler.

Şunlukda, türkmen ýaşlarynyň olimpiadanyň A we B derejelerinde 57 medal gazanandyklary habar berildi . Şolaryň 5-si altyn, 16-sy kümüş, 36-sy bolsa bürünç medallardyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo