Düýn — 12-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasyndaky III Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli jemlendi. Ajaýyp bilim bäsleşigine Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistannyň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, şeýle hem Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden okuwçylaryň jemi 170-si gatnaşdy.
Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministri hem-de degişli ýolbaşçylar, eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başynda olimpiada gatnaşan döwletleriň wekiliýetleriniň agzalary çykyş edip, bu bilim bäsleşiginiň parahatçylygy berkitmekde, halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmakda, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Soňra bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy. Mälim bolşy ýaly, ders bäsleşigi A we B derejede alnyp barlyp, olimpiadanyň geçirilişine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen eminler topary gözegçilik etdi. Şeýlelikde, olimpiada gatnaşyjylaryň görkezen netijeleri seljerilip, altyn, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna Hormat hatlary hem-de degişli medallar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly ruhubelentlik çaýdy.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen III halkara matematika olimpiadasynda altyn medallaryň sany boýunça ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ýokary netije görkezip, altyn medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Şeýle hem bu sanawda 3 altyn medal bilen Täjigistan Respublikasynyň mekdep okuwçylary ikinji, 2 altyn medal bilen Özbegistanyň wekilleri üçünji orny eýelediler. Umumylykda, olimpiada gatnaşyjylar A we B derejeler boýunça medallaryň jemi 85-sine mynasyp boldular. Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iň ýokary netijäni görkezip, olar medallaryň 29-syny, şol sanda 6 altyn, 10 kümüş, 13 sany bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu sanawda medallaryň 16-sy bilen Özbegistanyň mekdep okuwçylary ikinji, medallaryň 15-sine eýe bolan Täjigistan Respublikasynyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler.
Şunlukda, mekdep okuwçylaryň III halkara matematika olimpiadasy üstünlikli jemlenip, ol türkmen ýaşlarynyň mümkinçilikleriniň diýseň uludygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.