2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.
Şu ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasy dabaraly ýagdaýda açyldy.
Ähtnamanyň çäklerinde mugallymlaryň hünär ussatlygyny we pedagogik başarnyklaryny ýokarlandyrmak, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň durnukly ösüşini gazanmak, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň tejribesini öwrenmek, şeýle hem bilim ulgamynda hünärmenleriň arasynda amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen, şu ýylyň 28-nji iýuny — 7-nji iýuly aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 10 mugallymy Hytaý Halk Respublikasynyň Sian we Çende şäherlerinde ýerleşýän Sian nebit uniwersitetinde hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetinde «Gazylyp alynýan magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» ugurlary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
10 gün dowam edýän hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda, mugallymlar Sian nebit uniwersiteti hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, onuň okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, muzeýleri bilen tanşarlar. Mugallymlar iş saparyň dowamynda Geologiýa muzeýlerine, «LONGi Green Energy Technology Co., Ltd.» kärhanasyna, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine baryp görerler.
Netijede, bu iş sapary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, kompaniýalarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ylym- bilim ulgamynda täze başlangyçlaryň ýola goýulmagyna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da ýokarlanmagyna öz goşant bolar.
